- ýassykdaş
- Är ýa-da aýal ýan ýoldaş.∙ Çeper halyçydy oň kesbi-käri, Garlyň ýassykdaşy on üç ýyl bäri. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Şu sypatyň bilen seni ekläp saklan ene-ataň hem ýürekdeş ýassykdaşyň hem tanamaz. (A. Gowşudow, Eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.